Nalajedeýin durmuş
Adam aýtdy:
“Alekseý Nawalnynyň topary Russiýanyň goranmak ministri barada film taýýarlapdyr. Onda ministriň orunbasarynyň eli mikrofonly söz sözleýän Peskowyň, prezidentiň metbugat sekretarynyň goşarynda görünýän gymmat bahaly sagadyň üstüni örtüşi, meýlise gatnaşýanlary muňa gülüşleri görkezilýär. Žurnalist “bu olar üçin gülkünç” diýýär. Ýok, bu gülki olaryň muňa gülküsiniň tutýandygyny aňlatmaýar, öz düşen açgözlük duzaklaryna, baý-beg, täze dörän aristokratiýa, şol bir wagtda-da müýnli durmuşlaryna gülen bolmakdan başga alaçlarynyň ýokdugyny, olaryň içlerindäki nalajedeýinligi görkezýär. Bu, elbetde, meniň pikirim. Ony hiç kimiň boýnuna dakjak bolmaýaryn.”