Surat

Şol bir zadyň iki manysy

Adam aýtdy:

"Eýranda bir azlyk milletiň wekil ogly-gyzy bilen milli lybas geýip, öz ata-baba halysynyň üstünde oturyp, dilden-dile geçen dessanlardan aýdym aýtsa, soň onuň wideosyny sosial ulgamda paýlaşsa, pikir etsin ýa etmesin, bu onuň ezijilere garşy eden hereketi bolýar. Pelsepe dili bilen aýdylanda, bu inkär etmegi inkär etmek bolýar. Emma öz garaşsyz watanyňda, ýurtdaky kynçylyklardan ünsi sowmak üçin guralýan bagtly sahnalaryna gatnaşyp, milli eşikli tans etseň-de, aýdym aýtsaň-da, saz çalsaň-da, bu garşylyk hereketi bolmaýar. Tersine, sowet döwründe bolşy ýaly, bu halka garşy propaganda, wagyzçylyga goşulmak, ony goldamak bolýar. Pelsepe dili bilen aýdylanda, bu inkär edileniňi inkär etmek bolýar.”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024