Surat

Köp ýyllyk tejribe

Adam aýtdy:

"1990-njy ýyllaryň başynda, prezidenti öwmek ýaňy bat alyp başlanda, ýaşuly ýazyjylaryň biri bilen pikir alyşdym. “Özüni öwen ýigidiň tanapy çüýrük” diýipdirler, bu öwgi ýurdumyzy heläk etmese ýagşy diýdim. Ol güldi-de: “Dogry, bu çüýrük syýasat, ýöne biziňki ýaly passiw halkly ýurtda bu prezidenti ýykmagyň iň golaý ýoly” diýdi. “Onda bu syýasatyň arkasyndaky syýasat prezidente garşy-da, ýagny ony gowy görýänler däl-de, itden beter ýigrenýänler öwýär-dä?” “Dagy näme? Bu hemişe şeýle, hakyky dost hiç wagt ýüzüňe öwmez. Ýüzüňe aşa öwýän adamlaryň, hatda öz ýanýoldaşyň bolsa-da, erbet matlaby bardyr... Näçe kän öwdügiňçe, näçe aýagyny ýerden üzüp bilseň, adam şonça kän masgara bolýar. SSSR-i hem şeýdip ýykdy-da kommunistler.” Ilkinji prezident ölende, ony ýerde-gökde goýman öwenleriň biri: “Bäh, ahyry dyndyg-aý” diýip, ýaşuly ýazyjynyň aýdanlaryny daşyndan tassyk etdi. Ýöne bu çüýrük syýasat ilkinji prezidentiň ýok bolmagy bilen geçmedi, gutarmady, ikinji prezident döwründe has ýokary derejelere çykdy. Ýene ýaşuly ýazyjynyň ýanyna bardym. Ol ýene güldi: “Bu öňküdenem beter masgara bolar, syýasaty şu bolsa, başga duşman gerek bolmaz” diýdi. Indi seredýärin, üçünji prezident ikinji ýaly bökejekläp ýörenok. Ýöne ony hem, öňki ýoldan çykarman, öwüp masgara etjek kän, tüweleme. Soňky otuz ýylda iň ýokarky ýolbaşçyny masgara etmekde gowy tejribe toplandy, ýöne bu halka gaty gymmat düşýär, ýurduň saklanmagy üçin howply.”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024