Atdan agdarylanyň aýyby

Adam aýtdy:

“Her gezek maşynymy ýyllyk barlag ýa başga bir zat üçin ussada goýup gaýtsam, alaşasy alnan Artyk Babaly göz öňüme gelýär. Emma ol, menden tapawutlylykda, uýasyna terne getirip, gaty ruhubelent görünýärdi (Baba Annanyň, Alty Garlynyň we beýleki ussatlaryň ýatan ýerleri ýagty bolsun!). Men welin, gapyda maşynym bolmasa, ganaty gyrlan guş ýaly, daşyma garanjaklanymy duýman galýaryn. Bu ýagdaý meni her gezek atyndan düşürilen, elinden ýaragy alnan we boýnuna kolonia syrtmagy salnan halklar barada pikirlenmäge, olaryň ýagdaýyna düşünjek bolmaga mejbur edýär. Dogry, olar birbada kolonial syrtmakdan gutulan ýaly hem boldular. Emma soňky otuz ýylyň tejribesi at müneniň göterilip, derrew beýlekileri gul edinjek bolýandygyny, bir-birine aty däl, köplenç eşegi hem rowa görmeýändigini görkezdi. Köp synladym, diňe kanunsyz ýurtda däl, kanunyň biraz işleýän ýerlerinde hem, ozal kemsidilen adama sähel ygtyýar berilse, beýlekileri kemsitjek bolýan ýaly. Şu sebäpden olaryň halklar üçin türme bolan Orsýetden gutulmagy ýa-da öz ýurtlaryny türmä öwürmegi uzaga çekýärmikä diýýärin. Belki, ýalňyşýan bolaýyn, ýöne bu alla-da, arzuwa-da bagly däl, adamlaryň öz paýhasyna, içindäki açgözlügi, betnebisligi basyp bilmegine bagly bolsa gerek.”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024