Gynanylýan adam

Adam aýtdy:

“Mylly aga gyz agtygyna: Jan balam, näme etseň günä, näme gürrüň etseňem günä, başyňy basyrynyp ýataýmasaň, ýöne olam günä” diýer eken. Dogrudanam, näme etseň günä, sebäbi seniň her bir gymyldyň ýa aýdan sözüň, hatda hiç zat aýtman ýylgyran ýüzüň hem başga birleriniň saglygyna, bähbidine ýa pikirine ol ýa beýleki görnüşde täsir edýär. Onsoň adamlar, özlerini gorajak bolup, biri-birine müňkürlik edýärler, bilip ýa bilmän, biri-birine päsgelçilik döredýärler, uly ýa kiçi hile gurýarlar, şere şärik bolýarlar we biri-birini mümkin boldugyça garalaýarlar. Ýöne durmuş başga sapak berýär, käte olaryň dost saýany duşman, duşman saýany dost bolup çykýar. Iň ýamany, olar agy garadan, garany akdan tapawutlandyryp bilmän, köplenç özlerine duşman bolup çykýarlar. Käbiri muňa agyr ýagdaýa düşende, pikir etmäge wagty bolup, öz-özünden düşünýär, beýlekileri saç-sakgaly jowur ak bolsa-da düşünip bilmeýär. Hem özüni, hem ili aldan bolmagy dowam etdirýän adam, daşyndan seretseň, gürrüňlerini diňleseň, hem gülkünç, hem gaty gynançly görünýär.”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024