Hudaýyň halan milleti

Adam aýtdy:

“Adamyň her günüň sekiz sagadynda edip biljek ýeke-täk zadynyň diňe iş we ýene bolmagy gaty aýyp. Ol sekiz sagatlap ne iýip bilýär, ne-de içip, hatda oňa sekiz sagatlap söýüşmek, ýar guçmak hem bolmaýar. Dogry, bu kommunistler döwründe, keşleriň arasynda saçlary çöşlemek ýa stanoklaryň arasynda dik durup söýüşmek görnüşinde, edebiýatda mümkin boldy. “Adamyň sekiz sagatlap edip biljek ýeke-täk zady diňe iş" diýip, William Faulkner gaty gynanypdyr. Biziň ýurdumyzda bu mesele tas otuz ýyl bäri gowy çözülýär. Adamlaryň köpüsiniň işi ýok. Ýöne olar diňe günde sekiz sagatlap däl, has köpräk aç-suwsyz galmaly bolýarlar, söýgi bolsa, olaryň köpüsi üçin diňe erteki. Iň ýamany bolsa, az wagtlyk bolan söýginiň netijelerini – çagalary ulaltmak, okatmak, durmuşa taýýarlamak tas düýpden başartmaýar. Bu betbagçylygyň, gözgyny ýaşaýayşyň dowamlylygyny üpjün edýär. Biziň ýurdumyzda ösen ýurtlaryň uly ýazyjylaryny gynandyran meseleler hem şeýle gysga döwürde we netijeli çözülýär. Onsoň biz nädip özümizi hudaýyň sylan we halan milleti hasaplamaly däl?”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024