Ýurt daşynda
Adam aýtdy:
"Öýden çykanyňdan soň, sen bütin maşgalaňa wekilçilik edýäniňi bilmeli. Obadan çykanyňdan soň, sen bütin obaňa, şäherden çykanyňdan soň onuň ähli ilatyna wekilçilik edýärsiň. Dogduk watanyň çäklerinden çykanyňdan soň, sen bütin ýurduňa wekilçilik edýärsiň. Seni görüp, seniň ýurduňa, seni terbiýelän uly adamlara, senden görelde aljak ýaşkiçilere baha bererler. Şuny ýatda sakla we, ýurduňdan çykanyňdan soň, ýurduň adyna ysnat getirmejek bol diýipdirler. Haýp, ýurtdan daşa çykanlaryň käbiri onuň içinde masgara bolup ýörenlerinden beter bolmasa, pes diýer ýaly däl.”