Taryh ýoýulmadyk bolsa...

Adam aýtdy:

“Wagtal-wagtal özüm özümden soraýaryn: Eger-de basybalyjylar taryhy ellerinden geldigiçe galplaşdyrmadyk, ýoýmadyk bolsalar, Wasiliý Ýanyň Çingiz han hakynda ýazan kitabyny okaýan ýetginjek ýyllarymda Jelaleddiniň ganym duşmanyny, Horezm şalygynyň dargamagyna sebäp bolan, ata-baba topraklarymyza gyrgynçylyk, ýykgynçylyk getiren basybalyjylary hakykatdanam şeýle, bir taraply ýagdaýda ýigrenermidim? Eger-de Çingiz hanyň türk taýpasyndandygyny, ýurdumyzy çapan basybalyjylaryň bolsa türki dilli taýpalaryň adamlarydygyny, bu gyrgynçylyklaryň dogan-doganyň arasynda dörän ýa-da öňden gelýän duşmançylygyň dowamydygyny bilen bolsam, taryha, şol sanda türki halklaryň taryhyna-da, rus basybalyjylaryna-da, olary şeýle derejede ýaraglandyran, güýçlendiren ýagdaýlara, öz professorlarymyzyň kelte we dar pikirlenmelerine ýa-da aýtmaga gorkan zatlaryna, bütin dünýä biraz başgaça, azajygam bolsa giňräk garamazmydym? Basybalyjylaryň Baty hanyň salgyt ýygnaýjysy bolan Aleksandr Newskiniň adyna orden döredip, soň ol ordeni özlerine gulluk edýän adamlaryň döşüne ýylgyryp dakmalarynyň sebäbi hem maňa gaty düşnükli bolmazmydy?”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024