Akylly palta we akmak agaçlar

Adam aýtdy:

"Türk nakyly diýýärler: Tokaý barha kiçelýärmiş, ýöne agaçlar barybir ýene we ýene palta ses berýärmiş. Nämemiş, palta akyllymyş we agaçlary öz sapynyň agaçdan edilendigine, diýmek, özüniň hem olaryň biridigine, ýagny tiredeşdigine ýa ganybir, dinibir, dili bir milletdendigine ynandyranmyş. Haýp, her näçe akylly nakyl döretse-de, türki halklar özüni parçalaýan paltalardan ejiz. Sebäbi agaçlar her ösen şemala ýapraklaryny şagyrdadyp, ösýän wagtlary diňe diňe gürrüň edýärler, gapdallarynda çapylan agaçlara hikirdäp gülýärler, paltalar bolsa agzybirlikde, irmän-arman işleýär, ýagny olary rehimsiz çapmagy dowam etdirýär. Soň agaçlaryň şol çapylan ýerlerinden pyntyk ýaryp, täzeden ösmegi, ulalmagy, ýel-tupana garşy döş gerip durup biler ýaly bolmagy üçin kän ýyl gerek bolýar.”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024