Surat

Goýun oýny

Adam aýtdy:

"Tuwada häkimiýetler urşa iberilenleriň maşgalalaryna, zerurlyk esasynda, goýun, 50 kg un, iki halta ýeralma we kelem eçilmek kararyna geldiler. Her maşgala bir goýundan berilýär. Käbir etraplarda bu hili maşgalalara kömür, odunlyk agaç hem berilýär. Mundan başga, 17 ýaşyna çenli çagalary bolan maşgalalara 5 müň rubldan pulam berilýär. Görnüşinden, häkimiýetler halkyň nähili garyp, mätäç ýagdaýda ýaşaýanyny gowy bilýärler. Ýöne bu, görnüşinden, hiç wagtam bilinmeýän zat däl, tersine, bilkastdan döredilen we adamlary gulçulyk ýagdaýynda saklamak, islän ugruňa sürmek üçin ulanylýan gural. Şu sebäpden, eger-de Putin bardy-geldi, Staliniň edişi ýaly, ýaragsyz we aç, tälim berilmedik erkekleri okuň öňüne sürüp, 1945-nji ýyldaky ýaly “beýik” ýeňiş gazansa-da, Tuwadan we beýleki ýerlerden urşa giden erkekleriň yzynda galanlaryň köpüsi ömür boýy ýas tutar, ýetimlik derdini çeker. Ýöne 1941-45-nji ýyllaryň urşunda Staline günbatar ýurtlary kömege ýetişdi, Putine kömege ýetişjek bolýan ýok. Diýmek, goýun oýny bu gezek oýunçynyň peýdasyna däl.”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024