Tötänlik

Adam aýtdy:

"Gyrgyz kärdeşim aýdýar: "Gyrgyz-täjik serhedindäki çaknyşyk Samarkantda ŞHG sammitiniň geçirilýän wagtynda boldy; geçen ýylyň 29-njy aprelinde bolan çaknyşyk KHŞG-nyň Howpsuzlyk geňeşleriniň sekretarlar komitetiniň Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisine gabat geldi; 2010-njy ýylyň iýun aýyndaky Oş gyrgynçylygy ŞHG-nyň Daşkentde geçirilen sammitine gabat geldi. Düýn Samarkantda Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demirýol gurluşyk taslamasy barada şertnama baglaşyldy. Russiýa bu taslamany tas 30 ýyllap sessiz oňlaman geldi. Sebitiň 5 döwletiniň baştutanlary 21-nji iýulda Çolpon-Atada ýygnandy, emma Täjigistanyň we Türkmenistanyň prezidentleri Merkezi Aziýanyň 21-nji asyrdaky ösüşi üçin dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekmedi. Bu duşuşykdan biraz öň, 28-29-njy iýunda Putin Täjigistanda we Türkmenistanda saparda boldy. Elbetde, bularyň hemmesi diňe tötänlik... " Elbetde, men onuň bilen ylalaşdym: bular dogrudanam tötänlik bolmaly.”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024