Akmaklyk

Adam aýtdy:

"Ýurdy terk etmezimiň öň ýanynda, hoşlaşmaga gelip, ejem pahyr: “p..na pyçak çekip duran adamlara gep düşündirip bilmersiň, her kim öz pälinden tapar, janyňy ýakma” diýipdi. Emma men samsyk, şindem söz zaýalap ýörün. Ýogsa, hemme zadyň geçjekdigini, sowukganly bolmalydygyny, ýylgyrmagy öwrenmelidigimi, gahar etsem, birlerine käýinsem, özüme zyýan etjegimi hem bilýärin. Emma, ýer ýüzünde öň ýaşap geçen, häzir ýaşap ýören, indi ýaşajak adamlaryn ählisi ýaly, ýene we ýene bor-bolgusyz bahana tapýaryn we özümi aklaýaryn.”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024