Surat

Adam çini

Adam aýtdy:

“Bu awtoulagyň eýesi daniýaly. Ol bu kepderi ýumurtgalaryny basyp, jüýjelerini uçurym edýänçä öz maşynynyň golaýyna barmandyr; “Eger ol öz höwürtgesini gurmak üçin meniň maşynymy saýlap alan bolsa, menem şonça wagt onuň bilen ruhdaş bolaryn” diýipdir. Suraty sosial mediada paýlaşan adam: “Adamzat bir din, ygtykat däl, adamlaryň käbiriniň ýetip bilýän çini, derejesi” diýýär. Dogrudanam, adam bolmak dereje, oňa ne adamlary, haýwanlary köp öldürip ýa-da gorkuzyp ýetip bolýar. Tersine, bu derejä janly jandara beýik söýgi, mähir we hormat bilen ýetmeli. Başga ýol ýok.”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024