Isanyň kowlan ýeri
Adam aýtdy:
"Feýsbuk tanyşlarymyň biri bir tymsal paýlaşdy: Bir adam ömründe ilkinji gezek ybadathana gelipdir. Ybadathananyň bir işgäri onuň ýanyna gelip: "Elleriňi tutmalysy ýaly tutmaýarsyň!” diýse, ikinjisi gelip: "Durmaly ýerde durmaýarsyň” diýipdir. Üçünji biri onuň “geýinmelisi ýaly geýinmändigini” aýtsa, yzdan biri dürtüp, “çokunyşyň ýalňyş” diýipdir. Ahyrynda bir aýal gelip: “Siz ybadathanadan çykyp, bu ýerde nähili bolmalydygyny öwrener ýaly kitap alsaňyz, soň gelseňiz gowy bolardy” diýipdir. Ol adam ybadathanadan çykan ýerinde bir oturgyçda dyz epip, ajy aglapdyr. Şol wagtam ol arkasyndan biriniň “Çagam, sen näme üçin aglaýarsyň?” diýen sesini eşidipdir. Aglap oturan adam ýüzüni galdyryp, üstüne abanyp duran Isa Mätini görüpdir. “Jenabym, meni ybadathana salanoklar!” Isa ony gujaklap: “Aglama, olar meni ol ýere bireýýämden bäri salanoklar” diýipdir.”