Çykalga
Adam aýtdy:
"Sosial ulgamlarda Ýaponiýadaky bir heýkeliň suratyny paýlaşan adam “seniň agram gymmatyň kilogramyňda ýa göwrümiňde däl, okan kitaplaryň sanynda” diýip ýazypdyr. Bu ýazgy Ibn Sinanyň "Çagalaryň saglygy doýagarna iýmekde, ulularyň saglygy doýagarna iýmezlikde” diýen sözüni ýadyma saldy. Belki, oňa derek, çagalygy agyr döwre gabat gelip, doýagarna iýip bilmedik hem bolsalar, öz ýagdaýlaryna, dünýä düşünmek üçin, bor-bolgusyz gep-gürrüňe wagt ýitirip ýörmez ýaly, ulular biraz okajak bolmalydyr.”