Adam pahyr
Adam aýtdy:
"Haýran galýarsyň, haýsy tarapyndan seretseň, beýle tarapy görnüp duran adamlar beýleki birlerini, özünden pes görüp, oýnan bolýar, aldan bolýar ýa gyşyk gep atyp, sesini gataldyp, öz ýanyndan peselden bolýar. Elbetde, käbirleri gaharlanýar, reaksiýa bildirýär, emma süýknere agaç tapmaýanyň hal-ahwalyna düşünýän adamlar muňa diňe ýylgyryp oňýar. Adam pahyr, öz ýagdaýyndan habarsyz bolsa, şeýle bolýarmyka?”