Iň biderek kär

Adam aýtdy:

"Hudaýa şükür, çagalarym gyrasyndan gelmedi. Ýazyjylyk, žurnalistlik käriň bideregi eken. Nirede bir açgöz ogry, “meni beýgeltjek kitap ýaz” diýip, seni türmä basyp bilýär. Ondan gaçyp gutulsaň, bäş-alty ýyllap halk puluna okap, lukman diplomyny alan biri, etika, edebi goýaly, öz ene dilinde “ölüm” sözüni dogry ýazyp bilmeýän bisowat saňa işiňi nähili etmelidigiňi öwredýär. Milletiň bagty ýatanda, belki, ähli kär biderekdir. Ýöne kärleriň bideregi, il-ýurt darganda, hakykatdanam ýazýan, hakykaty aýtjak bolýan adamyň käri bolýan eken.”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2022