Akyl dawasy
Adam aýtdy:
“Sowet mekdebini gutaryp, gutaran adam kän. Emma sowet mekdebini gutaryp, diňe Lenin bilen Stalini däl, Medwedew bilen Putini hem ata edinen, üstesine ýazyjy-şahyr, žurnalist we basylyp alnan, ýok edilýän milletiň halasgäri bolup oýnaýan adam beýle kän däl. Dogry, A.P. Çehow aýtmyşlaýyn, adamlaryň 100-den 99-ysynda akyl ýok, emma olaryň aglaba köplügi dymýar we akmaklygyny beýle aç-açan etmeýär. Adam hem akmak bolsa, hem gürlese kyn. Megerem şondan, akyllyň dymasy, akmagyň gürläsi geler diýip, olary saklajak bolupdyrlar.”