Ýekäniň çaňy

Adam aýtdy:

"Olar sadamy ýa samsyk, biljek däl. Ýekäniň çaňy çykmaz diýseler, şoňa-da güp ynanýarlar. Nakyl diýseler, sorag bermeli dälmiş, her hili manysy bolup bilýärmiş. Ýöne bu nakyl adamyň ýekelikde hiç iş bitirip bilmejekdigini öňe sürýär, ony ruhdan düşürýär, ýoldan saklaýar. Ýekäniň çaňy, göni manysynda alanyňda-da, göçme manysynda alanyňda-da, eger ýörese, baý, çykýar-a! Dogry, duan adamyň çaňy çykmaz. Aýdaly, tozanly obalaryň ýollaryndan ýöre ýa-da uly iliň ýuwdup oturan adalatsylygy barada çykyp, açyk iki agyz gürrüň et, şonda nähili tozan çykýanyny gaty tiz görersiň. Mundan-da beteri, sizi näme, ýeke ata, ýeke ene dünýä getirmedimi? Ýa siz çaň, kirşen dälmi, iki-ýeke diktatoryň aýagynyň aşagynda tozap ýatan?”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2022