Düşünjege düşnükli

Adam aýtdy:

"Mihail Şewelew diýip biri ýazypdyr: imperiýa dogmasyny baryp 36 ýyl öň, şindi Gazagystanyň paýtagty bolan Almatada jaýlap başladylar, soň bu işi entek bir “n” bilen ýazylýan Tallinden başlap, heniz Bişkek bolmadyk Frunzä çenli aralykda kän ýerde dowam etdirdiler; 1992-nji ýylda boldy, gutardy diýip pikir etdiler, emma ol meýithanadan gaçdy, indi ony Seweredonesk bilen Lisiçanskiň aralygyndaky senagat zolagynda gömýärler. Janawar, jany bek eken, ýöne ölmän biljek däl. Begenmeli ýeri, adamlar düşünjege öz hakykatlaryny gaty gysga we düşnükli dilde aýdyp bilýärler, düşünmejege näçe kän söz zaýala, bary biderek.”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024