Şahyr we tozdurylan ýurduň adamlary
Adam aýtdy:
"Türmeden, sürgünden gözi açylmadyk şahyr Muzaffar al-Nawab, arap diktatorlaryny tankytlany üçin, Eýranda, Damaskda, Beýrutda, ýewropa paýtagtlarynda sergezdan bolup, ahyrynda Emirliklerde, 88 ýaşynda dünýäsini başgalady. Yragyň prezidenti onuň öz ölmez-ýitmez goşgularyny aýdym edip aýdýan adamlaryň ruhunda ýaşaýandygyny aýtdy. Şahyr öz ýurduna soňky gezek 2011-nji ýylda, ýurduň prezidenti uly dabara bilen garşylanda gelipdi. Premýer-ministr Mustafa al-Kadhemi bäşinji gün onuň jesediniň ministrligiň uçarynda ýurda getirilmegine çagyrdy. Goşgulary 2019-njy ýylda korrupsiýa garşy gurnalan protestlerde adamlaryň diliniň senasy bolan şahyryň jesedini gonamçylyga alyp barýan awtoulaglary premýer-ministriň ulag kerweni hasaplan ýaşlar bu gezek oňa, ellerine ilen zady salyp, hüjüm etdiler. Şahyry jaýlamaga gatnaşan adamlar hökümeti we premýer-ministr Mustafa al-Kadhimi iş başarmazlykda, 2019-njy ýylyň oktýabrynda korrupsiýa garşy köpçülikleýin protestlere gatnaşan raýatlaryň "sesini ogurlamakda" aýypladylar. "Muzaffar al-Nawab näme üçin Emirliklerde öldi?.. Sebäbi siz Yragy 19 ýyllap dolandyrýarsyňyz, sebäbi Bagdadyň hassahanalary hassalary bejermeýär, sebäbi ýurt ýaşar ýaly däl" diýip, yrakly žurnalist Omar al-Janabi twitterde ýazdy. Men bu habary okap, ýurtlar ala, adamlar ala, emma ýagdaýlar gaty meňzeş diýip pikir etdim!”