Köňül nagşy
Adam aýtdy:
"Magtymguly şahyr "Dile gelen sözler köňül nagşydyr” diýipdir. Dogry aýdylan söz, ýöne her kimiň ýüreginiň, niýet-päliniň başga bolşy ýaly, köňül nagşy hem başgarak bolýar. Hemme kişiň nagşyny özüňkä gabat getirjek bolsaň, ömrüňi türme gurup, adamlary türmä basyp ýa basjak bolup geçiräýmeli. Gynançly, şeýle ýagdaýdaky adamlar döwlet başyna-da geläýýär.”