Ýalan imperiýasynyň diregi

Adam aýtdy:

"Birki günlükde tanşym "Rossiýa-1” telekanalyndan, "Birinji kanaldan”, "Westiden” we beýleki ýerlerden işden çykan metbugat işgärlerini sanady. Olaryň käbiri soňky günlerde çykyp giden işlerinde 24, 15 ýyllap işläpdir, heniz çykmadyklary bolsa, jaý üçin karz alansoňlar, alaçsyz işleýär. "Ýalan imperiýasy, kagyzdan gurlan jaý ýaly ýykylýar” diýip, tanşym ajy ýylgyrdy. Menem ajy ýylgyrdym. Sebäbi 1990-njy ýyllaryň başynda, ýalana gulluk etmejek bolup, kärdeşlerim bilen işden çykamda, ýalan imperiýasy ýykylar ýa gowşar öýdüp, az-da bolsa umyt edipdim. Emma ol ýykylmady, barha berkedi, sebäbi onuň hyzmatyna ýene we ýene köp adam geldi. Üstesine, sözlenýän ýalan, durmuşyň has agralmagy bilen, has aç-açan boldy. Şol wagt bu meseläniň Moskwa tarapyna kän üns bermändirin, indi düşünýärin. Çynyny aýtjak bolýanlary, aýdaly, döwlet býujetinden ogurlanan 5,4 milliard rublyň üstüni açýan merdi-merdany öldürip, ogrulary dollarda milliarder edýän gurluşlar barka, näçe kän ogurlyk edip bilseň, näçe kän jaýyň, näçe uly ýahtaň bolsa, şonça kän ýaran, kömekçi we goragçy tapylýarka, ýalan imperiýasy hiç wagt ýykylmaz.”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024