Hydyr agadan öwrenen zadym

Adam aýtdy:

"Hydyr aga Derýaýew her ýylyň 5-nji martynda öýünde şol gün üçin besläp saklan alkogolly içgisini içýän ekeni. Muny şol gün oňa köçede duşup, çagyransoň öýüne giden we onuň bilen bile konýak içen ýazyjylaryň biri gürrüň berdi. Sebäbi şol gün, 1953-nji ýylyň 5-nji martynda Stalin ölüpdir ýa öldürilipdir. Muny eşidelim bäri, her ýylyň 5-nji martynda namazlygymy beýleki jaýa geçirýän-de, ýygşyryp goýan konýagymy çykaryp, ýeke özüm içýärin we Hydyr aganyň, beýleki terror pidalarynyň ýatan ýerlerini ýagty bolmagyny dileg edýärin.”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024