Düşünip bolmaýan zatlar
Adam aýtdy:
"Illeriň komigi çyn prezident bolup, bütin dünýäniň öňünde gahrymana öwrülýär, biziň prezidentimiz komige öwrülip, bütin dünýä hem özüni, hem halkyny gülki edýär. Bu-da hiç diýsem, ozalky uly doganymyz, beýik halk hem, ýene KGB-niň golunda gul bolup, bir komigiň arkasyndan azatlyga çykjaga meňzeýär. Ýa bu ýerde gep komikde hem däl-de, KGB-niň gaty akmaklygyndamyka? Onda näme ol KGB biziň prezidentimizi dünýä gülki edýär-de, başga birleriniň komigini hem prezident, hem gahryman edýär? Düşer ýaly däl, kelläm garjaşdy.”