Adamyň päli

Adam aýtdy:

"Sen söz azatlygy, şol sanda öz ylalaşmaýan adamlaryň hem pikirlerini aýdyp bilmek azatlygy üçin başyňy orta goýup göreşýärsiň. Emma bilýänden bilmeýän kän. Iň beteri bilip, saňa hopba boljak we suwdan, otdan geçjek hemem seni gark etjek, ýakjak, çukur tapsa – itjek, ok tapsa – atjak, ýüp tapsa – asjak adamlara näme diýmeli? Özem olar muny, içine sygdyryp bilmän, ilki özüňe aýdyp görýärler, düşünmedik bolsaň, soň il öňüne çykyp, bir topar gep-gybata dolap aýdýarlar. Niýetleri, öz nepini, zyýanyny bilmän ýören yňdarmalary oýnap, üstüňe küşgürjek, öz öňüni arçajak. Gowy ýeri, adam adamdan gutulýar, pälinden gutulmaýar. Söz azatlygynyň gözelligi hem şunda, adamyň öz pälini şeýdip, wagtal-wagtal aýdany gowy. Elbetde, diňleseň, her agzyny açan özüniň kimdigini aýdýar. Däliniň müň gepi telek, bir gepi gerek diýen atalarymyz mamla, haýp, her dälini diňlemäge wagt ýok, ömür ýetjek däl.”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024