Dermansyz dert
Adam aýtdy:
“Ozal yzymdan satlyk ýazyjy-şahyrlar, žurnalistler sögýärdi. Pahyrlar, döwlet baştutany, başlyklary ýa KGB goýýan däldir, nälaç sögýändirler, ýogsa bu sözleri agyzlaryna almazdylar, beýle göz-görtele töhmet atyp, il gözünden düşmezdiler; bu boluşyň intellektuala däl, iň bisowat adama-da gelişmeýänini, özlerini biabraý edýänini bilýändirler diýýärdim. Soň özüm ýaly aýralyk derdini çekenler, özlerini ejir çeken atlandyrýanlar hem bir-birine sögüp, töhmet atyp başlady. Şondan soň milletimiň düşen ýagdaýyna öň düşünmändigimi, onuň derdiniň dermanynyň ýokdugyny bilip galdym.”