Hatyra güni
Adam aýtdy:
"Orsýetli intellektual ýazýar: 15-nji fewralda Owganystandan goşun çykaranymyza 33 ýyl boldy. Emma bu agyr tejribe bary-ýogy 5 ýyla ýetdi, şondan soň çeçen urşy başlandy we azajyk arakesme bilen 15 ýyl dowam etdi. 2009-njy ýylda ikinji çeçen urşy tamamlandy. Emma ýüzi-gözünden tanar ýaly bolmadyk esgerleriň doňdurylan jesetleri bir ýyla ýetmän ýatdan çykaryldy we Gürjüstana goşun sürdük. Demirgazyk Kawkazadaky ýagdaýy “durnuklaşdyrmaga” we Krymda “dynç alýanlara” 6 ýyl gitdi. Bir ýyldan soň eýýäm Siriýa, Merkezi Afrika Respublikasyna girdik... Elbetde, hemişe diňe “ýeňiş” we “ýeňiş” gazanýarys. Bu gün ýene watan daşynda öz borçlaryny berjaý eden orsýetlileriň Hatyra güni. Olary watandan daşaryk nämäniň çykarandygy we rus esgerleriniň kime bergili bolandygy barada bolsa, bir sözem aýdylanok...”