Namaz perdesi
Adam aýtdy:
"Menem indi bäş wagtyna namaz okamaga başladym. Ýogsa öz ýüregimdäki gowulykdan başga ynanýan zadym ýok. Pälim ýoldaşym bolsun diýýärin. Emma düýn bir märekä barsam, ozal çüýşe ýykyp ýören aýallaryň biri ýüzüme bakyp, “mundan-a maňa ýoldaş bolmaz, saçyna ak girse-de, dinini sylanok, namaz okanok” diýen bolýar. Içim-bagrym ýanaýdy. Jogap berseň, dindar bolan bolup, akyl berip, özüni hil bir adam edip, hasam hezil etjek. Ýanýoldaşym bäş wagtyna namaz okamaga öňräk, pensiýa çykmanka başlady. Olam öz ýüregindäki gowulykdan başga iç zada ynanmaýar. Ýöne “indi märekä barsaň, her kim namazdan-täretden gürrüň açýar, şondan ýokaryk galsaň howply boljak” diýdi. Gowy ýeri, ilkiler neşeläp goýberen sakgalyny soň ýuwaş-ýuwaş kiçeltdi, höwes edip satyn alan don-telpegini bolsa geýmedi. Birinjiden, göze gelüwli ýaşuly eken diýip, çärelere çagyrmasynlar, telewizorda ýalan sözledip, il masgarasy etmesinler diýdi. Ikinjiden, sakgalymy ösdürsem, wahhabist diýip, başyma bela salaýmasynlar, mundan hem gorkmaly, haçan näme töhmet atjagy belli däl bu hökümetiň diýýär. Negözel oglanlar, din diýseler, ýürekleri bilen ynanyp, türmä basylyp, urlup-ýenjilip, öýüni ýykdyryp ýör, din üçin dagy, başarsam, towuk ketegimi hem ýykdyrjak däl diýýär.”