Erjel taraplar

Adam aýtdy:

“Sosial ulgamlarda sowet döwründe eşiden bir anekdotymyň üstünden geldim. Rus kärdeşlerimiň biri ony orsýetlileriň tas otuz ýyllap eden ýaşyryn arzuwlarynyň hasyl bolup başlamagy mynasybetli paýlaşypdyr. "Onlarça deputat we Federasiýa geňeşiniň 20 çemesi agzasy kowid bilen keselledi; Zýuganow hassahanada, Žirinowski ölüm ýassygynda, Neçaýew näsag...” diýip, ol birwagtlar meniňem eşiden anekdotymy aýdýar: “Bir aýal "Soýuzpeçatyň” dükanjygynda gazet satýar. Bir adam bolsa, her gün irden gelip, täze çykan gazeti satyn alýar we 1-nji sahypasyna seredip, jyrym-jyryp ýyrtyp, gaharyna zibil çelegine zyňýar. Ol aýal ahyry çydaman: “Siz hemişe 1-nji sahypadan näme gözleýärsiňiz?” diýip soraýar. Ol adam: “Nekrolog” diýip jogap berýär. “Nekrologlar soňky sahypada çap edilýär ahyryn” diýip, gazet satýan aýal düşündirjek bolýar. “Meniň gözleýän nekrologym 1-nji sahypada çap edilmeli” diýip, erkek kişi gaharly jogap berýär. Biziňkilerem 1-nji sahypada çap ediljek nekrologa garaşyp, halys boldular, ýöne olaryň busup, ölümini arzuw edýän adamlarynyň ýerine täze, ýaş görnüşini taýýarlaýanlary hem erjel görmeli.”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024