Döwlet bolmasa
Adam aýtdy:
"Gazak parlamentiniň wekiliniň "The Tax justice" halkara guramasynyň maglumatyna salgylanyp aýtmagyna görä, soňky 25 ýylda Gazagystandan takmynan 140-160 milliard dollar möçberindäki pul daşary ýurtlardaky hasaplara çykarylypdyr, bu tutuş ýurduň jemi içerki önümine we daşarky bergilerine barabar serişde bolýar. Şol bir wagtda, ýurduň hukuk goraýjylarynyň soňky bäş ýylda daşary ýurtlara bikanun çykarylan serişdeleri yzyna getirmek boýunça 200-den gowrak iş açandygy, emma göze görünýän netije gazanyp bilmändigi aýdylýar. Şeýle-de, onuň sözlerine görä, ýanwar pajygasy wagtynda bilinýän we bilinmeýän oligarhlar diňe Gazagystany hususy uçarlarynda terk etmän, daşary ýurt hasaplaryna ummasyz köp möçberde serişde geçirmäge hem ýetişene meňzeýär. Döwlet bar ýerinde, döwletiň bolan ýerinde beýle zat bolup bilermi?"