Nädip çydamaly?
Adam aýtdy:
"Sürüjiler, umuman, raýdaş bolýarlar. Emma, az-da bolsa, käte ýolda kelesaň sürüjiler hem duşýar. Olar ýoluňy kesip, awariýa ýagdaýyny döredýär. Eger bu hili sürüji basymrak gözden uçsa, gaharyň köşeşýär, ýöne tä işe barýançaň öňüňe düşüp gitse, ýolboýy zäherlenen ýaly bolýarsyň. Bu ýagdaý maňa käte il-günüň ýoluny kesip, onlarça ýyl häkimiýetde oturýan kelesaň, açgöz, mantyksyz adamlary ýatladýar. Eger käte bir ýoluň kesilende, şeýle gaharyň gelýän bolsa, bütin ömrüni nadan hökümdaryň dolandyryşy astynda, ýoluny kesdirip geçirýänler nädip çydaýarka?"