Kyn iş
Adam aýtdy:
"Meksikada bir parlament agzasy mejlis çekişmesinde münbere çykyp, türsüginden başga ähli eşigini çykaryp, şeýle diýipdir: 'Siz meni ýalaňaç görmekden utanýarsyňyz, emma siz öz talan halkyňyzy köçelerde çyplak, aýakgapsyz, işsiz, umytsyz we aç halda görmekden utanmaýarsyňyz.' Bizde kimi gürletseň, parlament dolandyryşyna geçmeli, şonda gowurak bolar diýýär. Bir adam prezident bolup, töweregi bilen talaňçylyk edeninden halky parlament bolup, has köplükde talamak çözgüt bolup bilermi? Dogry bolmaly, dürs bolmaly, iň esasy bolsa ýalan sözläp, ogurlyk etmeli däl diýseň, köp adam halamaýar. Sebäbi prezident dolandyryşyndan parlament dolandyryşyna geçmek edip boljak iş, emma özüňi düzetmek, emel ýeten güni nebsiňi jylawlamak, azmazlyk kyn."