Döwlet syry
Adam aýtdy:
"Rus kärdeşimiň ýazmagyna görä, Orsýetde her ýyl müňlerçe aýal öldürilýär. Lýubawa Malyşewa öz ýakyn adamlarynyň we nätanyşlaryň ilinden ölýän aýallaryň sanawyny 2019-njy ýyldan bäri ýöredýär we geçen ýyl bu barada "Femisid" atly kitabyny ile hödürledi. Ýöne ol diňe ady habarlarda tutulan pidalaryň sanawyny ýöredýär. Onuň hasaplamalaryna görä, rus habar çeşmeleri 2019-njy ýylda 1,759 aýalyň öldürilendigini, 2020-nji ýylda - 1,684, 2021-nji ýylda - 1263 aýalyň öldürilendigini habar berdi. 2022-nji ýylyň ilkinji 10 gününde bolsa ol eýýäm 33 aýalyň ölümini hasaba aldy. Hünärmenler bu ýurtda her ýyl bäş müňe golaý aýalyň öldürilýändigini öňe sürýärler. Emma rus statistikasy aýallaryň öldürilişi bilen bagly ýagdaýlary anyklaşdyrmaýar. IIM-niň statistiki maglumatyna görä, aýdaly, ýylda 300 aýal öldürilýär. Emma IIM-niň başga bir statistikasynda ýylda sekiz müň aýal öldürilýär, ýöne bu sanawa ýol hadyslarynda heläk bolanlar hem goşulýar. Ýagdaýy bilýän adamlaryň köpüsiniň pikirine görä, öldürilen aýallar baradaky maglumatlaryň garym-gatym edilmegi hakyky ýagdaýy ýaşyrmak bilen bagly."