Ýalňyş seçgi
Adam aýtdy:
"Bernard Şow beýik hakykatlaryň ählisi ilki şek ýetirilmegi bilen başlanýar diýipdir. Şol sebäpden dindarlar we diktatorlar adamlary içine gapgaran galyplarynyň çat açmazlygy, döwülmezligi üçin ozaly sorag berilmeginden gorkýarlar we sorag berýänleri dowzah ýa türme bilen gorkuzmaga, susdurmaga çalyşýarlar. Ýöne adam pahyryň sorag bermekden çekinmegi diňe bu gorky bilen hem bagly däl. Köp adam, samsyk sorag berip, ile gülki bolmakdan gorkýar. Sebäbi delräk ýa beträk sorag berseň, sorag berilýäne ýaranjaňlyk edip, hökman gülen ýa pyňkyran bolýan tapylýar. Öňem bir akyldar sorag beren bir minutlyk samsyk, sorag bermedik – ömürlik samsyk diýipdir. Haýp, köp adam ikinjini saýlap alýar."