Çaklanmadyk dönüklik

Adam aýtdy:

"Gazagystanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň öňki başlygy, general-maýor Alnur Musaýew gazak gozgalaňynyň Tokaýew tarapyndan faşistik Russiýa satyljagyny hatda aýylganç düýş görende hem çaklap bilmejekdigini aýdypdyr. Onuň pikiriçe, Orsýet indi gitmez, Gazagystany özüniň içerki federal okrugyna öwürmäge çalşar. "Men, elbetde, mundan gaty gorkýaryn, ýöne ähli zat biziň Orsýetiň gözegçiligi astynda galjagymyza şaýatlyk edýär. Şu günki anyk alnan günde biz ýuridiki taýdan özygtyýarly döwlet, emma iş ýüzünde basylyp alnan ýurt" diýip, ol metbugat bilen söhbetdeşlikde aýdypdyr. Milli howpsuzlyk komitetiniň öňki başlygy öz post-sowet döwürdeşleriniň nähili dönüklik edip biljegini çaklap bilmeýän bolsa, ýönekeý adamlardan, soňky otuz, kyrk ýylda kemala gelen nesilden nämä garaşmaly?"

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024