Sebäp dostlardamy ýa bizde?

Adam aýtdy:

"Polşada azyk önümlerine salynýan goşmaça gymmat salgydynyň mukdary nola deň, ýangyç üçin salynýan GGS hem azaldyldy; Polşanyň premýer-ministri düýn ýangyç, gaz, azyk we dökün bahalarynyň arzanlajakdygyny aýtdy, sebäbi näme, bilýärsiňmi?" diýip, rus dostum sorady. "Bilemok" diýdim. "Bilmeseň, bilip goý, Polşanyň hökümet başlygynyň hiç dosty milliarder däl" diýdi. "Belki, Ýewropanyň sibir gazyny ýakyp, sibirlileriň odun ýakmaly bolmagynyň sebäbi hem şundadyr" diýip, ol ajy ýylgyrdy. "Beýle-de boljak eken-ow" diýip, içimden hüňürdedim, sebäbi men bu barada, rus dostum ýaly, daşymdan, açyk gürrüň etmäge-de taýýar däldim. Ýöne ýaňy-ýaňam gazyny Orsýete iberip, özi tezek ýakan halkymyň gaz ýakýanyna begenýärdim."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024