Gadymdan gelýän ýörelge
Adam aýtdy:
"Birazajyk okasaň, dünýäde täzeligiň azdygyna, şol bir zatlaryň ol ýa beýleki görnüşde gaýtalanýandygyna gözüň ýetýär. Mysal üçin, Frederik Bastiat (1801-1850) şeý diýipdir: 'Haçanda talaňçylyk jemgyýetdäki erkekleriň bir toparynyň durmuş ýörelgesine öwrülende, wagtyň geçmegi bilen, olar özleri üçin muňa ýol berýän kanun ulgamyny we muny şöhratlandyrýan ahlak kadalaryny dörederler'. Geň galasy zat ýok, döredijilik we din wekilleri, iş adamlary tüýdügi kim çalsa, şonuň sazyna tans etmeli bolýar. Umumy akyma garşy duran ýa tabyn bolmadyk dostlar ýok edilýär. Iller bolsa, hemişe-de bolşy ýaly, köplenç tomaşaçy bolup galýar."