Ösen doganlarymyzyň gelen ýeri
Adam aýtdy:
"Gülme goňşyňa, geler başya diýipdirler. 2000-nji ýylyň tomsunda çagalarym bilen Bergenden Alanýa dynç almaga gitdim. Dükanlara aýlanyp ýörkäk bir türk 'nireden geldiňiz?' diýip sorady. Aýtdym welin, gülüp, 'diýeni ýüzde-ýüz bolýan başbakanly memleketdenmi?' diýdi. Baş atdym. Soň ol töweregindäki adamlara ýüzlenip, bularda hiç kim prezidentiň diýenine däl diýip bilmeýär, diýse, başyna bela gelýär, alla golaýlyk bersin türkmen gardaşlara, beýle başbakan bilen ne günlere düşerler diýen ýaly gürrüň etdi. Diýilýän zatlar dogry hem bolsa, bu sözleriň gülüp aýdylmagy, belki-de, ol adamlaryň maňa we çagalaryma nebsi agyrýan ýaly seretmegi çetime degdi, derdimiň üstüne dert goşulan ýaly boldum. Ondan bäri, görüp otursam, ýigrimi ýyldan gowrak wagt geçipdir. Birki günlükde, Türkiýäniň ykdysadyýeti barada taýýarlanan syny diňläp oturkam, türk ekspertleriniň açyk däl, gizlenip hem pikir aýtmakdan gorkýandyklaryny eşitdim welin, Alanýada gülen türk doganym, edil düýn gören ýaly, göz öňüme geldi. Sebäbi soňky ýyllarda olaryň ýurdunda hem, edil bizdäki ýaly, 'sesini çykaranyň' ýa sesini çykarar öýdülenleriň başyna az bela gelmändi. Öň olarda 'dogrusyny aýdany dokuz obadan kowarlar' diýýärler, bizde 'dogry sözliň dosty ýok', olarda 'döwletiň maly deňiz, ony iýmedik – doňuz' diýýärler, biziňkiler bu nakyly ahmet-mehmet tejribeleri esasynda ussatlarça durmuşda ulandy diýýärdim. Ýöne bu tejribeler ozal biziň öýümizi ýykýardy, olaryň ugurtapyjy iş adamlaryny goşa-goşa jaýly, öýli edýärdi. Öň olar bizden has ösen diýýärdim. Gaty ýalňyşan ekenim, ösüp, giden ýerleri ýok ekeni, derrew yzlaryna, biziň deňizime gaýdyp geldiler... Elbetde, men bu belligi begenip däl, gynanyp ýazdym."