Halkyň we hökümetiň ýagdaýy

Adam aýtdy:

"Dünýä ykdysadyýetiniň başyny dört ýurt – ABŞ, Hytaý, Ýaponiýa we Germaniýa çekýär. Dünýäniň jemi içerki önüm ösüşi diýilýäniň ýarysyndan gowragy şu dört ýurda degişli. ABŞ-nyň bir özüniň jemi içerki önüminiň möçberi ($22.9 trillion) 170 ýurduňkydan kän, bu dünýäniň jemi içerki önüminiň 24.4%- bolýar. Ikinji orunda Hytaý, soň Ýaponiýa we Germaniýa gelýär. Olaryň yzynda Britaniýa, Hindistan, Fransiýa, Italiýa, Kanada, Günorta Koreýa ýaly ýurtlar dur. Bulardan soň Orsýet ($1.6 trillion, dünýäniň JIÖ-niň 1.7%-i), Braziliýa, Awstraliýa ýaly ýurtlar gelýär. Bir tanşym bu maglumatlary sosial mediada paýlaşyp, 'seniň ýurduň haýsy orunda durýar?' diýip sorapdyr. Men jogap berip ýetişmänkäm, rus dostlarymyň biri: 'Orsýetiň JIÖ-i Nýu-Ýorkuň JIÖ-niň yzyndan çak bilen 2057-nji ýylda ýeter, ýöne Nýu-Ýork garaşan ýagdaýynda' diýip ýazdy. Men Google edip, öz ýurdumyň JIÖ ösüşini gördüm. “Trading Economicsiň” global makro modellerine we analitikleriň çaklamalaryna görä, 2021-nji ýylyň aýagyna çenli Türkmenistanda jemi içerki önümiň 41,50 milliard dollara ýetmegine garaşylypdyr. 'Uzak möhletleýin perspektiwada, ekonometrik modellerimize görä, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň 42,20 milliard dollar töweregi bolmagyna garaşylýar' diýip, "Trading Economics" belleýär. Ýöne men, halkymyzyň we hökümetimiziň ýagdaýyny bilemsoň, bu sanlaryň nirä we nämä seredilip ýazylanyny aýdyp biljek däldim."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024