Beýiklik derdi

Adam aýtdy:

"O biri ýurtda iň uly wezipäni eýeläp, özüne garaşly adamlary dyza çökerip, öz beýikliginden lezzet alýar diýip, geň galyp oturasy iş ýok. Başga birleri söz azatlygyny getirip berse, başga birlerini öz derejesine çenli kiçeldip, öz ýanyndan beýik boljak köp eken. O bende diňe özüni däl, halkyny hem maşgara edýänine düşünenok diýýärler. Görümsiz pahyr halky näbilsin? Hudaý ýalkasa, adamy bahyllykdan halas edermiş diýýärler. Adam bahyl bolmasa, ne ýok ýerinden uly boljak bolar, ne başgalary kiçeltjek bolup, mugtuna gözden düşer."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024