Jogapkärçilik
Adam aýtdy:
"Torontada bir çaga pişigiň agysy onuň doganlaryny hem halas etdi. Zaryn sesi eşiden adamlaryň biri sowlup, zibil çelegine taşlanan paketi tapdy we onuň içindäki bir günlük pişikleriň janyna ýetişdi. Olaryň diňe biri aldygyna mawlaýardy, beýlekileri sowukdan ýaňa, bir-birine gysylyşyp, sessiz ýatyrdy. Ýaradan tebigatyň oýnuna seretsene, her näçe geň bolsa-da, uly adamlaryň, ulus-iliň içinde bolşy ýaly, hatda bir günlük pişikleriň arasynda-da diňe biri ýa birleri ýüki ýa jogapkärçiligi öz üstüne alýar."