Mugallymlaryň aýlyklary we saýlaw medeniýeti
Adam aýtdy:
"Orsýtlileriň biri sosial mediada ýylyň birinji gününde 'Şwesiýada mugallymlaryň ortaça aýlygy 9 müň dollar, ýagny 720 müň rubl, sebäbi olar saýlawlary galplaşdyrmaýar' diýip ýazypdyr. Bu ýazgy mende, 'dogrudanam, biziň mugallymlarymyzyň aýlyklary saýlawlary galplaşdyrýandyklary üçin azmyka?' diýen sorag döretdi. Ýa bu ýerde mesele ene-atalaryň köpüsiniň öz çagalarynyň okuwy bilen düýpden gyzyklanmazlygyndamyka? Ýa bu meseläniň özeni bizde saýlaw medeniýetiniň düýpden ýoklugynda, onuň hiç wagt bolmanlygynda, bu gidişine hiç wagt bolup hem bilmejeginde bolmasyn? Ýa mesele biziň hiç birimiziň öz jogapkärçiliklerimizi bilmän, diňe başgalary ýa allany jogapkär, hatda günäkär saýýanymyzda bolmasyn?"