Surat

Mis tüňçe arzuwy

Adam aýtdy:

"Her gezek Täze ýyly garşylap ýa çişlik bişirjek bolup, howluda ot ýakamda, çaý goýar ýaly tüňçämiň ýa taňkamyň ýokdugy ýadyma düşýär we geljek ýyl sargap, ýurtdan bir mis tüňçejik getirtjek bolaryn diýip pikir edýärin. Emma iş-alada bilen, bu arzuwym indiki gezek ot ýakýançam ýadymdan çykýar. Ýurtdan aýralygy, mysapyrlyk derdini, belki, çekmedige düşündirip bolmaz. Ýöne muňa düşünmeýän näçe az bolsa, şonça hem begenerdim. Haýp, indi maňa düşünjek 1998-nji ýyldakydan has kän..."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024