Sebäp nirede?

Adam aýtdy:

"Bir amerikan alymynyň hasaplamalaryna görä, ylmy žurnallarda çap edilýän makalalary ortaça ýedi-sekiz adam okaýar, olaryň içinde ençeme ýyllap geçirilen jikme-jik barlagyň awtorynyň ejesi hem bar. Eger adamlaryň köprägi 'gulagyňy pişik alyp gaçdy' diýilse, ilki gulagyny barlaman, eline daşmy-kesek ýa çarşak alyp, pişigiň kastyna çykýan bolsa, munuň sebäbi olaryň okaýan ýa okamaýan zatlaryndan, hatda diňleýän ýa diňlemeýän ertekilerinden, aýdym-sazlaryndan ýa gybatlaryndan gözlenmeli."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024