Geň kesel

Adam aýtdy:

"Erkek adam diýilýänlerden hiç zady geň görmeli däl, sebäbi olaryň içinde her hili hassalary bolýar.
Mysal üçin, Italiýada bir erkek ginekolog bolan bolup, birnäçe ýüz aýalyň aýaklarynyň arasyny 'gözden geçiripdir'. Has anygy, akyl käsesi dolan diýilýän, ýagny 40 ýaşan erkek ginekologiýa klinikasynyň müşderleriniň maglumatlaryny ele salyp, özüni lukman hökmünde tanadyp, Zoom jaňlary arkaly goşmaça barlag geçirmeli diýip, aýallary kameranyň öňünde çykarynmaga yrmagy başarypdyr. Netijede, ol Italiýada 400-den gowrak aýaly gözden geçirip, ahyrynda-da tussag edilipdir. Geň galmaly ýeri, bu hili erkekler içgili ýa sag halda, gahrymançylyk eden ýaly, eden işlerini öwnüp, gülüp gürrüň berýärler. Ýogsa, daşlaryndan görseň sowatly, düşünjeli adamlar..."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024