Statistika, metbugat we durmuş
Adam aýtdy:
"Rus statistikasynyň maglumatlaryna görä, ýyl başyndan 8-nji noýabra çenli aralykda Orsýetde kartofeliň bahasy 51,56% gymmatlady, kelemiň bahasy - 88,19%, soganyň bahasy - 17,63%, käşiriň bahasy - 30,01%, pomidoryň bahasy - 5,67% gymmatlady. Hyýar ýyl başyndan bäri - 16,53%, alma – 5,44% gymmatlady. Şol bir wagtda, rus propagandasy Britaniýada iýere zat ýok diýip, uly alada galýar. Türkmen statistikasynyň maglumatlaryna görä, şu ýylyň on aýynda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2% ýokarlandy, öndürilen önümleriň mukdary, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,1% artdy, bölek haryt dolanyşygynyň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 16,5%, daşary söwda dolanyşygynyň görkezijileri 14,6% artdy. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 107%, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 107,4%, gaz çykarmagyň meýilnamasy 122,8%, “mawy ýangyjy” daşary ýurtlara ibermegiň meýilnamasy 134,7% berjaý edildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu görkezijiler boýunça ösüş depgini, degişlilikde, 123,9% hem-de 139,6% üpjün edildi. Rus metbugatyndan tapawutlylykda, türkmen metbugaty azyk bolçulygynyň döredilendigini aýtmagy gowy görse-de, başga ýurtlardaky azyk ýagdaýlary barada welilik satmaýar. Sebäbi, ýa ýurtdaky azyk nobatlaryndan habarly, ýa-da başga ýurtlaryň içki meselesine gatyşman, parasatlylyk görkezýär."