SSSR-de ýetişen aç ýolbaşçylaryň gudraty
Adam aýtdy:
"Biri sosial mediada SSSR döwrüniň köne, lagşan awtobusynyň suratyny çap edip, 'şu awtobus SSSR-e alyp gidýär diýseler, bilet alarmydyňyz?' diýip sorapdyr. Oňa biri 'bilet almazdym, awtobusyň öňünden ylgap, pyýada giderdim' diýip jogap beripdir. SSSR döwründe kemala gelen doýmaz-dolmaz adamlaryň ýolbaşçylygy adamlaryň ýek ýigrenen SSSR-ini hem arzuwa öwrüpdir."