Bulanan suw
Adam aýtdy:
"Adam bar ýerinde ýeňse gürrüňi hem bar. Ýöne ol gürrüňi edýänlerden getirip berýänler, kişi gürrüňini ýaýradýanlar has aýylganç bolmaly. Dogry, käbirleri ýeňsäňden edilen gürrüňi gynanyp, duýgudaş bolan bolup ýetirer, beýlekileri begenip buşlar. Emma bularyň kän parhy ýokdur, sebäbi adamlar dagy-daşy ýel-ýagmyryň, adam arasyny gep-gürrüňiň bozýandygyny gaty gowy bilýärler. Dostuny ýa başga birini sylap, ýüregini agyrtmaýyn diýip, ýeňseden edilen gürrüňi özünden aňryk geçirmeýän, ulaltmak islemeýän adamlar hem bar. Ýöne ýeňseden edilýän gürrüňi, esassyz bolsa-da, ýazgarýan adam gaty az, sebäbi bu her adama başartjak iş däl. Elbetde, ýeňse gürrüňne begenip, ony gürrüňi edilene aýtman, öz ynanýan adamlaryna paýlap, hezil edip ýörenler hem tapylýar. Diýjek bolýanym, dost bolup getirseler-de, duşman bolup getirseler-de, gep getirýän adamlardan ägä bolmaly. Ikinji tarapdan, saňa gep getirýän ertir seniň gepiňi hem ýetmesiz ýerine ýetirer. Adam bar ýerinde agzalalyk, bölüjilik hem bar, beýle adamlar hemişe uly zyýan edip bilmeýär, belki-de, seresap bolmagy, agzyňdan çykýan söze jogapkärçiligi öwredýär. Ýöne bu hili adamlaryň arasynda has aýylgançlary hem bar, olar aýdylmadyk gepi, öz ýüreklerindäki garalyklary başga adamyň sözi, gepi hökmünde mugt satmakdan lezzet alýarlar. Sebäbi olaryň gazanjy, ýalňyşmasam, adamlary bir-birine garşy goýup, jemgyýete ýigrenç tohumyny sepmekden we bulanan suwda balyk tutmakdan gelýär."