Gyzykly döwür
Adam aýtdy:
"Basym sandan çykar oba ogrusy" diýýärdiler. Belki, oba ogrusy, ýönekeý adam bolsa, basym sandan çykýandyr, ýöne ogry obanyň arçyny we onuň ýakynlary bolsa, ýük egri hem bolsa, uzaga gidýär. Adamlary ikiçäklikde gürletseň, oba durşuna ogurlyga, ýalançylyga, talaňçylyga gaplanypdyr. Bu ogurlykdan her kim özüçe paý alýar we dymýar. Ýöne ogurlykdan hiç paý ýetmeýän adamlar hem bar. Olaram dymýar. Sebäbi olar ogurlyk edýänlerden hem beter gorkýarlar. Gorkmaz ýaly hem däl, tutuş obanyň din-imanyna öwrülen talaňa, ýalançylyga garşy çykan açyk ýa gümürtik ýagdaýda, sözüň doly manysynda ýok edilýär. Bu ýagdaýda ak sakgally gojalaryň, ak gyňaçly ejeleriň, boýy ýeten ulugyzlaryň we ýigitleriň, hatda ýaňy dil çykaran çagalaryň hem tahýa geýip, el çarpyp, tans edip aman galjak bolmagyny geň görüp oturasy iş ýok. Hytaýlylar garganda, 'gyzykly döwürde dogul' diýýärmişler. Biziňki hem şol boldy, gaty gyzykly döwürde doguldyk."